Milli Goranmak ministri Akar Nemes Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Gündogar Ortaýer deňiziniň başda durmagynda özara we sebitara howpsyzlyk we goranyş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

1487961
Milli Goranmak ministri Akar Nemes Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Germaniýanyň Goranmak ministri Anngret Kramp-Karrenbauer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministrlikden berlen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Gündogar Ortaýer deňiziniň başda durmagynda özara we sebitara howpsyzlyk we goranyş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Akar telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň ähli kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegine goldaw berýändigini belledi.

Beýleki ýurtlaryň hem meselä içgin çemeleşmelidigini nygtan Ministr Akar, Türkiýäniň mamladygyny, bu meselede egilşik etmejekdigini we halkara hukugyna laýyklykda öz haklaryny we bähbitlerini goramaga dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar