Yragyň demirgazygynda dört terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1487166
Yragyň demirgazygynda dört terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde terrorçylykly aksiýa geçirmek isleýändigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä, PKK-a agza terrorçylaryň hüjüminiň ýene-de bir gezek öňi alyndy. 

Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen işjeňligiň anyklanandygy habar berildi. Geçirilen howa operasiýasy bilen terrorçylykly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar