“Türkiýe Indi Sebitinde Sözi Geçýän Ýurt”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň indi sebitinde sözi geçýän ýurtlardan biridigini aýtdy

1486516
“Türkiýe Indi Sebitinde Sözi Geçýän Ýurt”

Prezident Erdogan 4 sagat dowam eden Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Çykyşynda Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeýde möwjeýän dartgynlyklar hakynda durup geçen Erdogan: “Türkiýe indi sebitinde sözi geçýän ýurt” diýip, ady agzamazdan Gresiýa ýüzlendi: “Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeýde taryhdan sapak alman, Türkiýäniň hakyna we hukugyna äsgermezçilik edip, diýdimzorlyk etmäge synanşýanlar hem owal ahyr şol hakykaty kabul etmeli bolarlar. Öz raýatlarynyň howpsyzlygyny we eşretli geljegini pikir etmän Türkiýäniň garşysynda durýanlar üçin aç-açan aýdýaryn; wagty gelende jerimesi agyr bolmaz diýip tama edýärin” diýdi.

BMG-niň başda durmagynda halkara kadalara laýyk şertnamalara esaslanyp alynyp barylýan işlere bolan haksyz we hukuksyz çemeleşmelere gynanç bildiren Erdogan: “Kiprde, Siriýada we Liwiýada synagdan gowy geçmedik Ýewropa ý urtlarynyň iň bolmanda Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde tutanýerli pozisiýa eýelemeklerine garaşýarys” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň serhet howpsyzlygyny bolşy ýaly Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklary meselesinde-de egilşiksiz we ygrarly syýasat alyp barmaga dowam etjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar