Türkiýe Serbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararyna alada bildirdi

Türkiýe Serbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararyna uly alada bildirýändigini belledi

1485561
Türkiýe Serbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararyna alada bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Serbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararyna uly alada bildirýäris" diýip nygtady. 

Iýerusalimiň Ysraýyl tarapyndan anneksiýa edilmeginiň halkara jemgyýet we BMG tarapyndan ret edilendigi ýatladylan beýanatda: "Palestina meselesiniň diňe 1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz, özbaşdak we geografik dowamlylyk içinde bir Palestina döwletiniň emele gelmegi bilen çözülip bilinjekdigi, BMG-nyň biri-birinden tapawutly kararlary bilen ençeme gezek nygtalyp geçildi. Ýagdaý şular ýaly bolan mahaly, dünýäniň islendik ýurdunyň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi halkara hukugyň aýdyň bir düzgün bozmasyny emele getirýär" diýip bellendi. 

Beýanatda: "Dünýäniň ähli ýurtlaryny bu babatda BMG tarapyndan kabul edilen kararlary berjaý etmäge, Iýerusalimiň taryhy we hukuk statusyna hormat goýmaga we Ysraýyl-Palestina düşünişmezçiligini has hem ulaltjak ädimlerden saklanmaga çagyrýärys" diýip habar berildi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, birnäçe gün ozal beren beýanatynda Kosowanyň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrjakdygyny, Serbiýanyň bolsa ilçihanasyny Iýerusalime göçürjekdigini mälim edipdi. 



Degişli Habarlar