“Türkiýe, Gresiýa Bilen Şertsiz Gepleşiklere Taýar”

Türkiýe, Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän dartgynlygyň çözülmegi üçin Gresiýa bilen şertsiz gepleşiklere taýar.

1484538
“Türkiýe, Gresiýa Bilen Şertsiz Gepleşiklere Taýar”

 

Türkiýe, Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän dartgynlygyň çözülmegi üçin Gresiýa bilen şertsiz gepleşiklere taýardygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, NATO-nyň Baş sekretarynyň, Gündogar Ortaýer deňizinde türk we grek tarapynyň arasyndaky dartgynlygyň azaldylmagy, deňiz we gury ýer güýçleriniň arasynda haýsydyr bir wakanyň başdan geçirilmeginiň öňüniň alynmagy üçin täze başlangyç başladandygy nygtaldy.

Beýanatda “Ýurdumyz tarapyndan hem goldanýan şol başlangyç Baş sekretaryň  beýan edişi ýaly NATO-nyň çäginde iki ýurduň arasynda harby we tehniki gepleşikleriň geçirilmegini öz içine alýar. Şol gepleşikler, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky özara meseleleriň çözülmegi däl eýsem iki ýurduň harby ýolbaşçylarynyň arasynda ozal geçirlen iki taraply gepleşiklerde seljerlen ugurlar bilen arabaglanşykly” diýildi.

Beýanatda Türkiýäniň, Gresiýa bilen ähli meseleleriň halkara hukuk kadalarynyň çäginde adalatly we yzygiderli ýagdaýda çözülmegi üçin şertsiz gepleşik geçirmäge taýardygy nygtaldy we grek tarapyna hem şol başlangyja goldaw bermegi üçin çagyryş berildi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýe bilen Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňizinde çaknyşygyň öňüniň alynmagy üçin tehniki gepleşikleriň geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar