Hulusi Akar, Harby-howa güýçleriniň täze uçuş tälim ýylynyň açylyşyna badalga berdi

Akar, Dardanel bogazynyň üstünden geçip, Çanakgala Şehitler ýadygärligine salam berdi

1484187
Hulusi Akar, Harby-howa güýçleriniň täze uçuş tälim ýylynyň açylyşyna badalga berdi
akar canakkale ozel ucus1.jpg
akar canakkale ozel ucus.jpg

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Harby-howa güýçleriniň täze uçuş tälim ýylynyň açylyşyna Egeý deňiziniň demirgazygyna amala aşyran ýörite uçuşy bilen badalga berdi. 

Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Hasan Küçükakýüziň hem ýoldaşlyk eden uçuşda Akar, Dardanel bogazynyň üstünden geçip, Çanakgala Şehitler ýadygärligine salam berdi. 

Hulusi Akar, ol ýerde "Jeýlan 30" çagyryş kody bilen ýüzlenip: "Bu ýerde ýatan şehitlerimiz başda bolmak bilen ähli eziz şehitlerimize laýyk bolmak üçin elimizden gelenini ederis, göreşimizi Çanakgala ruhy bilen dowam etdireris" diýip belledi. 

Hulusi Akar, şu günki güne çenli ýerine ýetiren üstünlikli wezipeleri mynasybetli harbylary gutlap, täze uçuş tälim ýylynyň hem üstünlikli ýagdaýda geçmegini diledi. 



Degişli Habarlar