Sabiha Gökçen Günlük Uçuş Gatnawynda Bäşinji Orny Eýeledi

Sabiha Gökçen uçuş gatnawyny ýokarlandyran 3-nji howa menzili boldy

1482985
Sabiha Gökçen Günlük Uçuş Gatnawynda Bäşinji Orny Eýeledi

Ýewropa Howa Gatnaw Gözegçilik Merkeziniň görkezijilerine görä Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky howa menzili 26-njy awgustda amala aşyran 453 uçuşy bilen Ýewropadaky howa menzilleriniň arasynda günlük uçuş gatnawy taýdan bäşinji orny eýeledi.

26-njy awgustda iň köp uçuş gatnawyny amala aşyran howa menzili bolsa 772 sapar bilen Amsterdam howa menzili boldy.

Amsterdam howa menzilinden soň nobaty bilen; 755 uçuş bilen Parižiň Çarli De Gol howa menzili, 565 uçuş bilen Frankurt how menzili we 458 uçuş bilen Afyny howa menzili durýar.

26-njy awgustda Ýewropadaky ähli howa menzillerinden edilen jemi uçuş sany 16,804.

Beýleki tarapdan Ýewrokontrolyň görkezijilerine görä Sabiha Gökçen howa menzilinin uçuş gatnawynda artyş mukdary 7 göterim boldy.

Şol mukdar bilen Sabiha Gökçen soňky 2 hepdede uçuş gatnawyny ýokarlandyran 3 howa menzilinden biri boldy.



Degişli Habarlar