Russiýa Berk Reaksiýa Bildirildi

Türkiýe Russiýadan terror guramasy PKK bilen baglanşykly guramalardan çetde durmagyna garaşýar

1482271
Russiýa Berk Reaksiýa Bildirildi

Türkiýe Russiýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen baglanşykly guramalaryň bähbitlerine hyzmat edýän başlangyçlardan çetde durmagyna garaşýandygyny beýan etdi.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG tabynlykdaky “Siriýanyň Demokratik Geňeşi” diýilýän gurama degişli toparyň Russiýa Federasiýasyna guran saparyna reaksiýa bildirildi.

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä tabynlykdaky “Siriýanyň Demokratik Geňeşi” atlandyrylýan guramanyň agzalaryndan ybrat bolan toparyň Russiýa Federasiýasyna çagyrylmagynyň we rus resmi ýolbaşçylary tarapyndan ýokary derejede kabul edilmeginiň alada döredendigi nygtalýar.

Beýannamada PKK/ÝPG-niň Siriýanyň territorial bitewiligine kast edýändigi nygtalyp; “PKK/ÝPG alyp barýan terrorist we ekstremist işleri bilen gözegçilik edýän zolaklaryndaky ýerli halka zulum edýän, Siriýanyň territorial bitewiligine kast edýän we Türkiýäniň başda durmagynda Siriýanyň goňşularynyň milli howpsyzlygyna wehim salýan terror guramasy” diýilýär.

Astana formatynda geçirilen ýokary derejeli maslahatlaryň netijesinde berilen bilelikdäki beýannamalarda terrozmiň ähli görnüşlerine garşy göreşmek we Siriýanyň territorial bitewiliginiň ýany bilen goňşy ýurtlaryň milli howpsyzlygyna wehim saljak ekstremist başlangyçlara garşy durmak boýunça kepillendirme berilendigi ýatladylyp: “Şeýlelikde Astana hemaýatkärlerinin soňky gezek 25-nji awgustda Ženewada geçirilen maslahatyň netijesinde bilelikdäki beýannamada-da bikanun guramalaryň ekstremist başlangyçlaryna garşy bilelikdäki pozisiýa beýan edildi” diýilýär.

Beýannamada Russiýanyň Astana formatyndaky maslahatlarda berilen wadalara laýyk hereket etmegine garaşylýandygy nygtalp; “Russiýa Federasiýasyndan Astana ruhuna we Astana formatyndaky maslahatlarda berilen wadalara laýyklykda hereket egmegine we terror guramasy PKK/ÝPG bilen baglanşykly guramalaryň bähbidine hyzmat edýän başlangyçlardan çetde durmagyna garaşýarys. Mesele boýunça pozisiýamyz syýasy geňeşmeler üçin Moskwa sapar guraýan ministriň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetimiz tarapyndan hem rus tarapyna ýetiriler” diýilýär.



Degişli Habarlar