Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan: "30-njy awgust ýeňişi bilen bu topraklaryň baky we hemişelik watanymyzdygyny bütin dünýä ýene-de bir gezek yglan etdik" diýdi

1481410
Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 98 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi. 

Türkiýedäki we dünýäniň çar tarapyndaky raýatlary 30-njy awgust Ýeňiş baýramlary bilen tüýs ýüreginden gutlan Erdogan: "1919-njy ýylda Samsunda Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylyk etmeginde başladylan Milli Azat edijilik söweşi, 30-njy awgust Baş sekrerdelik meýdan söweşi bilen gutarnykly we hemişelik bir ýeňişe ýetdi. 30-njy awgust ýeňişi bilen bu topraklaryň baky we hemişelik watanymyzdygyny bütin dünýä ýene-de bir gezek yglan etdik. Bu ýeňiş taryha gömülmek islenen bir milletiň külüň içinden doguşunyň, beýgelşiniň, taryh sahnasyna täzeden çykyşynyň bildirişidir" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Milletimiz nähili bir ýoksullyga we mümkinçiligiň ýoklugyna garamazdan Milli Azat edijilik söweşini ýeňişe ýetiren bolsa, şu günki gün hem Mawy Watandaky Sewr ylalaşygy bilen bagly umytlary we göçümleri lapykeçlige ýetirmekde asla ikirjiňlenmez. Bu babatdaky ygtyýarymyzdan we ýeňişe bolan egsilmez ynanjymyzdan hiç kim şübhe etmesin. Şol düşünje bilen Respublikamyzyň esaslandyryjysy, Beýik ýeňişiň Baş serkerdesi Gazy Mustafa Kemal Atatürki we egindeşlerini uly hormat bilen hatyralaýaryn. Müň ýyl bäri bu watany goramak üçin janlaryny pida eden ähli şehtlerimize Alladan rehnet, şikes ýetenlere saglyk, asuda ömür dileýärin. 30-njy awgust Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun" diýip belledi. 



Degişli Habarlar