Mustafa Şentop 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

1481412
Mustafa Şentop 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda, hut Respublikanyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan serkerdelik edilen we Milli Azat edijilik söweşini gutarnykly ýeňişe ýetiren Beýik Hüjümiň 98-nji ýylynyň bellenilip geçilýändigini habar berdi. 

Eziz milletiň taryh boýunça basyp alyjylyga we hemlelere boýun egmeýän aslyzadalygy we tutanýerliligi bilen, Milli Azat edijilik söweşiniň yzly-yzyna gazanylan ýeňişlerine, Baş serkerdelik Meýdan söweşi bilen altyn bir halka goşulandygyny aýdan Mustafa Şentop, taryhy ýatlap geçmegiň, ýöne ýere gaýtalamagyň we içi boş çemeleşmeleriň örän uzagynda bir manysynyň bardygyny belledi. 

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, 1071-nji ýylda Malazgirt Ýeňişi bilen Anadolynyň möhürini eline alan ygtyýaryň we tutanýerliligiň, 30-njy awgustdaky beýik Ýeňiş bilen, bütin dünýä doly garaşyzlyk we azatlygyň, türk milletiniň beýik häsýetiniň aýrylmaz bir bölegidini yglan edendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar