"Beýik Ýeňiş" Prezident Kompleksiniň üstünde 300 uçarmansyz howa ulagy bilen asmana ýazylar

30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli Prezident Kompleksiniň üstünde 300 uçarmansyz howa ulagy bilen "30-njy Awgust Ýeňişi" temasy bilen yşykly programma geçiriler

1481514
"Beýik Ýeňiş" Prezident Kompleksiniň üstünde 300 uçarmansyz howa ulagy bilen asmana ýazylar

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli şu gün Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Anytkabire etjek zyýarady bilen başlap, Prezident Kompleksinde kabul edilşik bilen dowam etjek dabaralar, harby ýörişden soň agşam hem dowam eder. 

Prezident Kompleksinde Prezidentiň Harby gwardiýasynyň Ýöriş topary bilen Milli Goranmak ministrliginiň Mehteran topary we Armoni aýdym-saz serkerdeligi tarapyndan Türkiýäniň sagady 20:30-da Ýeňiş Baýramyna bagyşlanyp konsert beriler. 

Konsert Prezidentiň we Kommunikasiýalar edarasynyň ÝouTube kanallary bilen sosial media hasaplary bilen telewideniýe kanallarynyň üsti bilen göni ýaýlym arkaly görkeziler. 

Konsertden soň, Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan Prezident Kompleksiniň üstünde 300 uçarmansyz howa ulagy bilen "30-njy Awgust Ýeňişi" temasy bilen yşykly programma geçiriler. 

Türk milletiniň Milli Azat edijilik söweşindäki jebisligi, mobilizasiýasy, göreşi we ýeňişini alamatlandyrýan figuralar, wizual suratlandyrma arkaly asmanda görkeziler. 

Kommunikasiýalar edarasynyň Bursa, Çanakkale, Samsun, Konýa, Kaýseri, Antalýa we Diýarbakyr bolmak bilen ýurdyň 7 aýry welaýatynda guran Sanly Görkeziş merkezleri hem "30-njy awgust Ýeňişi" temasy bilen myhmanlary kabul eder. 

30-njy awgust Ýeňişiniň manysy we wajyplygyny ýatdan çykarylmazlygy üçin Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň liderlik etmeginde milletiň görkezen gahrymançylygy, wizual tehnologiýalar ulanylyp sanly görnüşde sergilener. 

 



Degişli Habarlar