Täze Zelendiýaly Terrorçy Ömür Boýy Azatlykdan Mahrum Edildi

Türkiýe Täze Zelendiýada 2 metjide guran ýaragly hüjüminde 51 adamy şehit eden terrorçy Brenton Tarrantyň ömür boýy azatlykdan mahrum edilmegine kanagatlanma bildirdi

1480042
Täze Zelendiýaly Terrorçy Ömür Boýy Azatlykdan Mahrum Edildi

Karar hakynda Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada 2019-njy ýylyň 15-nji martynda Kreýstçerçde iki metjide guran hüjüminde türk raýatlary Zekeriýa Tuýan bilen bilelikde 51 adamyň ýogalandygy, türk raýatlary Mustafa Böztaş we Temel Ataçojugy bilen 40 adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada hüjümde pida bolanlar hormat bilen hatyralanyp: “Terrorçynyň Täze Zelendiýada iň agyr jeza bolan “günägeçişlikden peýdalanmajak görnüşde ömür boýy azatlykdan mahrum edilmek” görnüşinde beýan edilmegini kanagatlanma bilen kabul edýäris. Kazyýetiň karary Yslamafobiýa, daşary ýurt duşmançylygy, rasizm we ýigrenç sebäpli guralýan ähli aksiýalara garşy halkara jemgyýetçiliginiň bilelikde göreşilmeginiň ähmiýetini ýene-de bir gezek ýatladýar” diýilýär.

Beýannamada Türkiýäniň rasizmin ähli görnüşine garşy egilşiksiz we gyşarnyksyz pozisiýasynyň mundan beýläk hem dowam etdirjekdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar