Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda tälim geçirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi deňiz tälimi bilen bagly beýanat berdi

1479685
Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda tälim geçirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Gündogar Ortaýer deňizinde harby tälimiň ýerine ýetirilendigini habar berdi. Gündogar Ortaýer deňizinde düýn bolsa Italiýa bilen umumy harby tälim geçirilipdi. 

Beýanat Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Twitter hasabyndan berildi. Tälim bilen baglanşykly suratlaryň hem paýlaşylan beýanatda, Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleriniň hyzmatdaş ýurtlaryň Harby-deňiz güýçleri bilen tälimlerini dowam etdirýändigi aýan edildi. 

TJG Barbaros fregaty we TJG Burgazada korweti bilen ABŞ-nyň esmines gämisi USS Winston S.Churchill tarapyndan 26-njy awgustda Gündogar Ortaýer deňizinde deňiz tälimleriniň ýerine ýetirilendigi habar berildi. 

Beýanatda: "Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleri, Hyzmatdaş ýurtlaryň Harby-deňiz güýçleri bilen tälimlerini dowam etdirýär. TJG Barbaros fregaty we TJG Burgazada korweti bilen ABŞ-nyň esmines gämisi USS Winston S.Churchill tarapyndan 26-njy awgustda Gündogar Ortaýer deňizinde deňiz tälimleri ýerine ýetirildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar