“Gündogar Ortaýer Deňizinde Dartgynlygy Gresiýa Güýçlendirýär”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýa berk duýduryş berdi

1479305
“Gündogar Ortaýer Deňizinde Dartgynlygy Gresiýa Güýçlendirýär”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygy güýçlendirýän tarapyň Türkiýe däl, eýsem Gresiýadygyny aýtdy.

Çawuşogly resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Ministr çawuşogly metbugat ýygnagynda sözlän sözünde: “Gresiýa läliklikden el çeksin. Käbir ýurtlaryň meçew bermesi sebäpli özüňize howp abandyrmaň” diýdi.

Çawuşogly Gresiýa: “Ýalňyş işlere girişäýseňiz, bu gezek ýalňyşlyk bilen bolmaz, degişli çäräni göreris” diýdi.

“Gresiýa özüni türk flotunyň öňüne taşlamağa synanşýan ýurtlara aldanmasyn. Biz goňşy, adalatly bölüşmegi bilýäris” diýip, nygtady.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas boşla: “Gündogar Ortaýer deňizinde şertlerin dartgynlaşmagy ne ÝB-niň, ne Gresiýanyň ne-de Türkiýäniň bähbidine” diýdi.

Maas: “Gündogar Ortaýer deňizindäki howply şertler boýunça pikir alyşdyk. Diňe bir ÝB-ni däl, NATO-ny hem gyzyklandyrýar. Şertler iňňän howply” diýdi.

Meseläniň dartgynlaşmagynyň ne ÝB, ne Gresiýa, ne-de Türkiýe üçin bähbitli boljakdygyny aýdan aýdan nemes ministr: “Mesele diplomatiýa bilen çözüler. Taraplaryň dialog niýeti bar, ÝB-niň çäginde syýasy şertler döredilmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar