Diýarbakyrda Ýyldyrym-7 Lije Narko-Terror operasiýasy başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi, Diýarbakyrda 1495 işgäriň gatnaşmagynda Ýyldyrym-7 Lije Narko-Terror operasiýasynyň başladylandygyny habar berdi

1479353
Diýarbakyrda Ýyldyrym-7 Lije Narko-Terror operasiýasy başladyldy

 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurdyň gün tertibinden dolulygyna çykarmak we sebitde bardygy çak edilýän terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Diýarbakyr welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan Ýyldyrym-7 Lije Narko-Terror operasiýasynyň başladylandygy mälim edildi. 

Operasiýada Diýarbakyr welaýat Žandarma serkerdeligine degişli Žandarmanyň desant güýçleri, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen topary, Polisiýanyň ýöriteleşdirilen topary we howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 1495 adamyň bardygy aýan edildi. 

Ýurdyň içinde terrory dolulygyna ortadan aýyrmak üçin geçirilýän Ýyldyrym 1-2-3-4-5-6 operasiýalarynyň çäginde, şu günki güne çenli 31 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýdylýan beýanatda, 48 gowagyň, gaçabatalganyň we ammaryň ýok edilendigi, köp mukdarda ýarag we ok-däriniň, azygyň we gündelik ýaşaýyş üçin ulanylýan materiallaryň ele salynandygy habar berildi. 

Beýanatda "Ýyldyrym" operasiýalarynyň halkyň goldawy bilen ynam we tutanýerlilik bilen üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan, Içeri işler ministrligi, biri Interpol tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän PKK-a agza 2 terrorçynyň Şyrnak welaýatynda Howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar