“ABŞ-nyň Türkiýäniň S-400 Sebäpli Şert Goýmagy Ýerliksiz”

Prezidentiň mebugat sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýe-ABŞ gatnaşyklaryndaky düşnüşmezlikleri çözmek isleýändiklerini aýtdy

1478750
“ABŞ-nyň Türkiýäniň S-400 Sebäpli Şert Goýmagy Ýerliksiz”

Prezidentiň mebugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Türkiýä Russiýadan alan S-400 raketa goranyş ulgamy bilen bagly şert goýmagynyň ýerliksizdigini beýan etdi.

Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň ýaýlym organlaryndan “Blumberge” interwýu berdi.

ABŞ-nyň Türkiýe bilen bagly howpsyzlyk, söwda we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkiýäniň Russiýadan alan S-400 raketa goranyş ulgamyny aýyrmagy boýunça şert goýmagynyň “ýalňyşdygyny” beýan eden Kalyn: “İndi bolsa alynky şert hökmünde S-400-i, S-400-iň aýrylmagyny goýýarlar we ol kabul edilmesiz. Biz özgyrýarly ýurt. Şol karary özygtyýarlylygymyza esasynda kabul etdik” diýdi.

Kalyn Türkiýäniň Russiýadan alan S-400 raketa goranyş ulgamynyň häzirki wagtda işjeň däldigini, emma taýarlyklaryň dowam edýändigini beýan edip; “Häzirki wagtda işçeň däl. Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda gol çekişilen S-400 ylalaşygy tehnologiýanyň getirilmegini hem öz içine alýar we ol dowam edýär” diýdi.

Ibrahim Kalyn Türkiýäniň milli howpsyzlygy üçin wehim döredýän iki meseläniň başda durmagynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky düşnüşmezlikleri çözmek isleýändiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar