Gresiýanyň Ady Agzalýan Zolakda Nawteks Yglan Etmäge Hukugy Ýok

Prezident Erdogan, Gresiýanyň, Gündogar Ortaýer deňizinde Nawteks yglan etmäge ýagny denizjilere duýduryş bermage hukugynyň ýokdygyny aýtdy

1478418
Gresiýanyň Ady Agzalýan Zolakda Nawteks Yglan Etmäge Hukugy Ýok

Prezident R. T. Erdogan, Gresiýanyň, Gündogar Ortaýer deňizinde Nawteks yglan etmäge ýagny denizjilere duýduryş bermage hukugynyň ýokdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýanat berdi.

Erdogan beýanatynda Gresiýa bilen başdan geçirilýän dartgynlyk hakynda hem durup geçdi.

“Gresiýanyň Nawteks yglan etmeginiň, sebitdäki ähli gämiler we kenarýaka howpsyzlyk güýçleri taýdan howplydygyny” ýatladan Prezident Erdogan, “Mundan soň sebitde başdan geçirlip bilinjek ähli onaýsyz wakalardan Gresiýanyň jogapkär boljakdygyny we bu wakanyň Gresiýa uly zeper ýetirjekdigini belledi.

“Gresiýany türk flodynyň öňüne atanlaryň, başdan geçirlip bilinjek kynçylykda asla görünmejekdiklerini grek goňşularymyz bilmelidir” diýen Erdogan “Türkiýe, ne Oruç Reis gämimiz, ne-de oňa ýoldaşlyk edýän beýleki gämilerimiz meselesinde asla egilşik etmez. Tersine şol zolakda öz hukugyny we haklaryny goramaga dowam eder” diýdi.

Prezident Erdogan “Nawteks yglan eden zolagymyzda garşymyza çyksalar jerimesini çekmeli bolarlar” diýdi.

Gresiýa tarapyndan yglan edilen we ertir güýje girjek we 27-nji awgusta çenli dowam etjek Nawteks, Kryt, Kerpe, Rodos we Meis adalarynyň günortasyny öz içine alýar.



Degişli Habarlar