Prezident Erdogan halka buşlykly habar berdi

"Türkiýäniň, taryhynyň iň uly tebigy gaz ätiýajy Garadeňizde tapyldy"

1477028
Prezident Erdogan halka buşlykly habar berdi

Prezident R. T. Erdogan halka buşlykly habar berdi.

Stambulda Dolmabahçe köşgünde metbugata beýanat beren Prezident Erdogan, Türkiýäniň, taryhynyň iň uly tebigy gaz ätiýajynyň Garadeňizde tapylandygyny buşlady.

Erdogan “2020-njy ýylyň 20-nji iýulynda Tuna-1guýusynda burawlaýyş işlerine başlan Fatih burawlaýyş gämisi 320 milliard m3 tebigy gaz tapdy. Burawlaýyş işleri dolulygyna ýerli mümkinçilik bilen geçiridi. Guýudan alynan görkeziler şol zolakda täze tebigy gaz känleriniň bolup biljekdigini görkezýär. Halkymyzyň 2023-nji ýylda Garadeňiziň gazyny ulanmagyny maksat edinýäris” diýdi.

Erdogan “Gysga möhletde kesgitleýiş gurulary açylar we gaz çykarylmaga başlanar”diýdi



Degişli Habarlar