“Türkiýe Dünýäniň Iň Jomart Ýurdy”

Prezident R.T.Erdoganyň aýaly Emine Erdogan Bütindünýä ynsanperwer kömek güni mynasybetli ýüzlenme berdi

1475791
“Türkiýe Dünýäniň Iň Jomart Ýurdy”

Emine Erdogan: “Ynsanyň ynsana amatdygy düşünjesi bilen Türkiýe dünýäniň in jomart ýurdy. Biz durmuş mekdebimiz Anadolyda bölüşmegiň ýekeje lukmany hem bereketlendirýändigini öwrendik” diýdi.

Erdogan Twitter hasabyndan Bütindünýä ynsanperwer kömek güni mynasybetli habarnama çap etdi.

Adamzadyn ýer ýüzi saçagynyň başyna jemlenşen uly maşgaladan ybaratdygyny nygtan Erdogan; “Bütindünýä ynsanperwer kömek gününi gutlaýaryn. Men adamyň durmuşyna goýulýan sarpanyn bütin dünýäde deň derejeli bolmagyny, parahatçylygyň we söýgüniň dünýäde höküm sürmegini arzuw edýärin. Pakistanda sil apaty durmuşy ýer bilen ýegsan edende biz ol ýere gitmedik bolsadyk, sil bolup akan göz ýaşlaryny nähili süpürerdik? Dünýä tarapyndan gidilmesiz sebit yglan edilen Somala gitmedik bolsadyk, umytlaryň gutaran ýerinde umydy ýaňadandan nädip beýgelderdik? Rohingiýa musulmanlary ýerlerinden sürgün edilende Bangladeşe gitmedik bolanymyzda “sesiňizi eşitdik” diýip bilermidik? Açara köňlümiz bolany üçin gapylarymyzam açdyk. Eger şeýle bolmadyk bolsady, diňe habarlaryň tomaşaçysy bolardyk” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar