Mustafa Şentop BAE-ni ýazgardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

1473727
Mustafa Şentop BAE-ni ýazgardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, BAE bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak bilen bagly ylalaşyk barada: "Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky dawa dönüklik edip bir ylalaşyk baglaşmak, utandyryjy bir hereketdir. BAE-ni ýazgarýaryn" diýip belledi. 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

BAE bilen Ysraýylyň arasynda bir şertnama gol çekilendigini ýatladan Şentop: "Yslam dünýäsinde dörän, döretdirilen şular ýaly dolama döwletler bar. Bular pullara we ýerasty çeşmelere eýe bolmak bilen döwlet bolunýandygyny pikir edýärler, şolar ýaly görýärler, emma olar diňe beýik döwletleriň gurjaklaryndan ybarat. Yslam dünýäsinde birligi, bütewiligi, jebisligi ýok edýän işleri öz üstlerine alýarlar" diýip nygtady. 

Mustafa Şentop: "BAE-niň Ysraýyl bilen edýän hyzmatdaşlygy, Yslam dünýäsiniň 1-nji meselesi bolan Palestina meselesine, Palestina dawasyna bir dönüklikdir. Araplara ser saljak bolsak, Araplaryňam iň uly dawasydyr bu, oňada dönüklik etmekdir. BAE bir dönüklik hereketini etdi. Şol sebäpli öz eden hereketinden utanmalydyr. Bu ýerde BAE-niň eden hereketini ýazgarýaryn. Onuň üstünde täsiri bolan Yslam ýurtlaryna bu babatda işe girişmeklerine maslahat berýärin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar