Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Erdogan: "Kontinental şelfimizde talaňçylyga asla boýun bolmarys, sanksiýalaryň we hemleleriň öňünde yza ädim etmeris" diýip belledi

1473691
Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Prezident Erdogan Rize welaýatynda geçirilen çäreleriň birinde çykyş etdi. 

Prezident Erdogan, Türkiýäniň ygtyýary ipotekanyň aşagynda bolan bir ýurt pozisiýasyndan, sözi we syýasatlary ýakyndan gözegçilik edilýän bir ýurt derejesine ýetendigini habar berdi. 

Prezident Erdogan 2 gün ozal Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen, ondan soň bolsa ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýatlap: "Geçirilen şol söhbetdeşliklerden soň hem bu edilen ädimler... Türkiýe edilýän bu hüjümleriň öňünde biz şu günki güne çenli hemişe ýeňilleşdirýän, hemişe ýumşadýan tarap boldyk. Emma Gresiýa biziň pozisiýamyza şol bir görnüşde jogap bermeýär. Şol sebäpli bu pozisiýasyny dowam etdirjek bolsa biziň gerek bolan jogaby berjekdigimizi bilmelidir. Bu hukuklarymyzy elimizdäki ähli mümkinçilikleri ulanyp, goramaga dowam ederis. Ýüz ýyl ozal Türkiýäni inçe bir syýasat bilen günortasyndaky energetika çeşmelerinden mahrym edenler, Gündogar Ortaýer deňizinde onuň hötdesinden gelip bilmezler. Kontinental şelfimizde talaňçylyga asla boýun bolmarys, sanksiýalaryň we hemleleriň öňünde yza ädim etmeris. Bir asyr ozal Watanymyzy bölmegi maksat edinen Sewr şertnamasyny nädip ýyrtyp taşlan bolsak, Mawy Watany hem şol bir tutanýerlilik bilen gorarys" diýip belledi. 

Erdogan: "Oruç Reis gämisi işlerini 23-nji awgusta çenli dowam etdirer. Bu etapda gämimize garşy iň kiçijek hem biynjalyk edilse gerek bolan jogaby bermekden asla çekinmeris" diýip nytady. 

Prezident Erdogan asla dartgynygyň tarapdary bolmandyklaryny, hiç kimiň hakyny almaýandyklaryny, milletiň we Kiprdäki türkleriň hukuklaryny goraýandyklaryny aýan etdi. 



Degişli Habarlar