“Türkiýäniň Gämilerine Guraljak Hüjüm Jogapsyz Galmaz”

Prezident R.T.Erdogan Stambulda juma namazyndan soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berdi

1473067
“Türkiýäniň Gämilerine Guraljak Hüjüm Jogapsyz Galmaz”

Erdogan beýannamasynda Gündogar Ortaýer deňizinde gözleg işlerini geçirýän türk gämileri guraljak kiçijik hüjümiň hem garşylyksyz galmajakdygyny aýtdy.

Erdogan: “ “Oruç Reis” 23-nji awgusta çenli işlerini dowam etdirer. Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen düýn bular barada pikir alyşdyk. Onuň bizden haýyşty, meseläni gowşadyp hemaýatkär düşünje bilen çözeliň diýdiler. Ylalaşdyk. Hormatly Kansler hem Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis bilen gepleşik geçirdi. Men Miçotakisi hem bize aýdan düşünjesine razy eder diýip tama edýärin” diýdi.

Miçotakisi halkara hukugyna sarpa goýmaga çagyran Erdogan: “Günbatar Frakiýada türkleriň mazarlygyna od açdylar. Bular gelşiksiz zatlar. Biz kowumdaşlarymyzyň dirisinem, ölüsinem ýeke goýmarys. Wagty gelende degişli çäre görüler. Onam aç-açan aýdaýyn” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa Gündogar Ortaýer denizinde möwjeýän dartgynlygyň jogapkäriniň Türkiýe däl, eýsem Gresiýadygynyny beýan etdi.

Mewlüt Çawuşogly Şweýsariýada kardeşi İgnazio Kassis bilen geçiren duşuşygyndan son metbugat ýygnagyny gurady.

“Gündogar Ortaýer denizinde dartgynlyk artdy, ýöne onuň jogapkäri Türkiýe däl, Gresiýa” diýen Çawuşogly: “Biz burawlaýyş işlerimizi başlatmak üçin 2018-nji ýyla çenli sabyrlylyk bilen garaşdyk. Eýsem hem Gresiýa hem Kipriň grek bölegi 2000-nji ýyllardan bäri bir taraply işe girişdiler” diýdi.



Degişli Habarlar