Penje-Gaplaň operasiýasynda bir howpsuzlyk gullukçysy şehit boldy

Howpsuzlyk gullukçysy 5-nji awgustdan bäri hassahanada bejergi alýardy

1471932
Penje-Gaplaň operasiýasynda bir howpsuzlyk gullukçysy şehit boldy

Terror guramanyň Yragyň demirgazygyndaky ýerlerine garşy geçirilýän Penje-Gaplaň operasiýasynda ýaralanan howpsuzlyk gullukçysy bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy. 

Howpsuzlyk gullukçysy 5-nji awgustdan bäri hassahanada bejergi alýardy. 

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrligi, Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Ministrlik mundan başgada, Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde terrorçylykly işler alyp barýandygy anyklanan PKK/ÝPG-e agza 20 terrorçynyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi. 

Içeri işler ministrligi bolsa Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynyň Alandüz diýilen ýerinde Žandarma güýçleriniň howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýasynda 3 terrorçynyň ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar