“Ýyldyrym-5” operasiýasy başlady

“1448 hünärmenimiziň gatnaşmagynda şu gün irden Amanoslarda Ýyldyrym-5 operasiýasy başladyldy”

1471629
“Ýyldyrym-5” operasiýasy başlady

 

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan Hataý welaýatynyň Amanoslar etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy “Ýyldyrym-5” operasiýasy başladyldy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Ankarada beren beýanatynda “1448 hünärmenimiziň gatnaşmagynda şu gün irden Amanoslarda Ýyldyrym-5 operasiýasy başladyldy” diýdi.

Ministr Soýlunyň beýanatyndan soň Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda “Ýyldyrym-5” operasiýasynyň 1448 hünärmeniň gatnaşmagynda başlandygy habar berildi.

Beýanatda Ýyldyrym1-2-3-4 operasiýalarynyň çäginde häzire çenli 15 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Beýanatda operasiýalarda 30 gowagyň, gaçybatalganyň we ammaryň hatardan çykarlandygy, köp sanly ok-däriniň ele geçirlendigi nygtaldy.

Beýanatda “Ýyldyrym operasiýalary, halkymyzyň goldaw bermeginde üstünlikli ýagdaýda dowam edýär” diýildi.



Degişli Habarlar