"Goranyş senagatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylyk 70 göterimden 30 göterime çenli azaldy"

Prezident Erdogan: "Goranyş senagatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylyk 70 göterimden 30 göterime çenli azaldy" diýdi

1469801
"Goranyş senagatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylyk 70 göterimden 30 göterime çenli azaldy"

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Kojaeli welaýatynyň Gebze etrabyndaky TÜBITAK-yň Öňde baryjy merkezleriniň açylyş dabarasynda: "Beýik we güýçli Türkiýe maksadymyza tarap tutanýerli ýagdaýda barýarys" diýip belledi. 

Türkiýäni 21-nji asyryň lider ýurtlaryndan birini etmäge tagalla edýändiklerini aýdan Prezident Erdogan, koronawirus epidemiýasyna garşy alynyp barylýan sanjym taslamalary bilen baglanşykly bolsa, Türkiýäniň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sanawynda ýerli sanjym taýarlaýan ýurtlaryň arasynda ABŞ we Hytaýdan soň 3-nji orunda barýandygyny mälim etdi. 

Rejep Taýýip Erdogan, TÜBITAK-yň ýolbaşçylygynda emele getirilen Kovid-19 Türkiýe platformasynyň 8 tapawutly sanjym we 10 tapawutly derman taslamasyny alyp barýandygyny belläp: "Hususy pudak, uniwersitet we döwlet hyzmatdaşlgy bilen Kovid-19-a garşy sanjym we derman oýlap tapmak taslamalarymyzda uly öňe gidişlikler etdik" diýip belledi. 

"Sanjym taslamalarymyzda 2 dalaşgär sanjymymyz haýwanlaryň üstündäki synaglardan üstünlikli ýagdaýda geçdi" diýip habar beren Erdogan: "Hatda şolaryň biri geňeş tarapyndan makullanyp adamlaryň üstünde synaglar geçirmek tapgyryna gelindi" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #TÜBİTAK , #derman , #sanjym , #Erdogan

Degişli Habarlar