Fuat Oktaý we Mewlüt Çawuşogly Türkiýä gaýdyp geldiler

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Beýrut portynda bolan partlama bilen zyýan ýeten Liwana goldaw maksady bilen guran saparyny tamamlap, ýurda gaýdyp geldi

1469536
Fuat Oktaý we Mewlüt Çawuşogly Türkiýä gaýdyp geldiler

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe-Liwan parlamentara dostluk toparynyň başlygy we Adalat we ösüş partiýasynyň Sinop welaýatynyň deputaty Nazym Mawiş bilen düýn irden Liwana gidipdiler. 

Ol ýerde ilki bilen ýurdyň Prezidenti Mişel Aun tarapyndan kabul edilen Fuat Oktaý, soň bolsa Premýer ministri Hasan Diýab we Mejlisiň başlygy Nebih Berri bilen duşuşklar geçiripdi. 

Saparynda söhbetdeşlerine uly zyýan ýeten Beýrut portynyň we onuň töweregindäki binalaryň gurluşygy babatynda Türkiýäniň kömek etmage taýardygyny aýdan Oktaý, port ýaňadandan gurulýança çenli Mersin portunyň Liwanyň hyzmatynda boljakdygyny habar berdi. 

Ondan soň partlamada ýaralanan Türkiýäniň raýatlarynyň maşgalalary bilen duşuşan Oktaý, ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlary barada maglumat aldy. Oktaý, lukmanlaryň rugsat beren halatynda saglyk ýagdaýy agyr bolan ýaralanan bir adamyň bejergisiniň Türkiýede edilip bilinjekdigini mälim etdi. 

Duşuşyklardan soň ministr Mewlüt Çawuşogly bilen liwanlylara ýüzlenip çykyş eden Fuat Oktaý, Liwan bilen Türkiýe üçin bir maşgalanyň agzalaryna meňzedip, hiç kimiň iki ýurdy biri-birinden aýyryp bilmejekdigini beýan etdi. 

Ministr Çawuşogly bolsa ol ýerde eden çykyşynda, "Men türk, türkmen" diýip raýatlygy bolmadyk, emma raýatlyk almak isleýänlere raýatlygyň beriljekdigini aýan etdi. 

Liwanlylar bilen duşuşyk geçirenlerinden soň howa menziline tarap hereket eden Oktaý we Çawuşogly, Beýrutdaky saparyny tamamlap, Ankara gaýdyp geldiler. 

Beýrut portynda 4-nji awgustda partlaýjy maddalaryň ýerleşýän 12 belgeli ammarda ilki bilen ýangyn ýüze çykdy, soň bolsa bütin Beýrudy sarsan güýçli bir partlama boldy. Partlamada ýogalanlaryň sany 158 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 6 müň adamdan geçdi. 



Degişli Habarlar