“Liwana azyk, lukmançylyk enjamlary, bugdaý we un kömegini bermäge dowam ederis”

Fuat Oktaý bilen Mewlüt Çawuşoglu, ýokary derejeli goldaw sapary Liwanyň paýtagty Beýruda gitdi

1469410
“Liwana azyk, lukmançylyk enjamlary, bugdaý we un kömegini bermäge dowam ederis”

 

Wise-prezident Fuat Oktaý bilen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ýokary derejeli goldaw sapary bilen paýtagt Ankaradaky Esenboga howa menzilinden Liwanyň paýtagty Beýruda gitdi.

Wise-prezident Oktaýy Refik Hariri howa menzilinde Liwanyň Daşary işler ministri Wehbe, Türkiýäniň Liwandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hakan Çakyl bilen birlikde Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýdar we tebigy apatlar edarasynyň başlygy Mehmet Güllüoglu garşylady.

Fuat Oktaý, Liwanyň Prezidenti Mişel Awn bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda “Liwanyň Prezidenti Awna azyk we lukmançylyk enjamlary kömegini bermäge dowam etjekdigimizi aýtdyk” diýdi.

“Türkiýe ähli hassahanalary we tiz kömek uçarlary bilen Liwana kömek bermäge taýar” diýen Oktaý “Beýrut porty öz işine başlaýança Liwanyň Mersin portumyzdan peýdalanyp biljekdigini nygtadyk” diýdi.

Fuat Oktaý “Türkiýe, partlama sebäpli uly zeper ýetirlen Beýrut porty bilen birlikde golaýyndaky binalaryň ýaňadandan dikeldilmegi işlerine goldaw bermäge taýar” diýdi.

Mejlisiň başlygy Nebih Berri we Premýer ministr Hassan Diýab bilen duşuşjak Oktaýa, saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem ýoldaşlyk edýär.

Fuat Oktaý bilen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde partlamanyň bolan ýerine Beýrut portuna baryp gördi.

Fuat Oktaý portda beren beýanatynda “Liwanda Türkiýä we türk halkyna uly sarpa goýulýandygyny gördük. Liwanly doganlarymyza Türkiýe hökmünde ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardygymyzy açyk aýdyň görkezdik” diýdi.

Oktaý “Liwana azyk, lukmançylyk enjamlary, bugdaý we un kömegini bermäge dowam ederis” diýip belledi.

Beýrut portunda 4-nji awgustda partlaýjy maddalarynyň saklanýan ammarynda bolan partalamada 154 adam ýogalypdy, 5 müň adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar