Türkiýe Liwana Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

Beýrutda bolan partlamadan soň sebite lukmançylyk we ynsanperwer kömegi bilen gözleg-halas ediş hünärmenleri ugradyldy

1468103
Türkiýe Liwana Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

 

Türkiýeden Liwana ynsanperwer kömegini we hünärmenleri alyp giden Türk ýaragly güýçlerine degişli uçar paýtagt Beýrut şäherine gondy

Türkiýe Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesi boýunça Beýrutda bolan partlamadan soň sebite lukmançylyk we ynsanperwer kömegi bilen gözleg-halas ediş hünärmenlerini ugratdy.

Saglygy goraýyş ministrligi, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy bilen Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti tarapyndan taýarlanan enjamlar paýtagt Ankaranyň Etimesgut harby howa menzilinde A400 M kysymly harby ýük uçaryna ýüklendi.

Liwana Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan 21 sany Milli lukmançylyk halas ediş hünärmeni, 2 sany adatdan daşary ýagdaýlar üçin niýetlenen komplekt,3 sany hünärmenler üçin çadyr, derman we lukmançylyk enjamlary, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy tarapyndan 10 sany hünärmen, enjamlar, halas ediş ulagy we Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň 3 hünäremeni, halas ediş topary, saglyk we ynsanperwer kömek enjamlary ugradyldy.

Öňnin Beýrudyň deňiz portunda partlaýyjy maddalaryň goýulan 12 belgili ammarda ilkinji ýangyn boldy, soň güýçli partlama bolupy. Partlamada soň köp sanly adam pida boldy, müňlerçe adam ýaralandy.



Degişli Habarlar