Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Izmir welaýatynyň Dikili we Karaburun etraplarynda Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 82 bosgun halas edildi

1467916
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan berilen beýanata görä, Dikili etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýygyň içinde bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda sebite Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyk gönükdirildi. 

Toparlar Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen çiýşirilen gaýykdaky 42 bosguny halas etdiler. 

Karaburun etrabynyň suw giňişliginde hem Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen çiýşirilen gaýykdaky 40 bosgun halas edildi. 

Bosgunlar welaýat Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 



Degişli Habarlar