Türkiýe Liwana gynanç bildirýär...

Türkiýe Liwana Beýrutda bolan partlamada ýogalan we ýaralanan adamlar sebäpli gynanç bildirýär

1467185
Türkiýe Liwana gynanç bildirýär...

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, onlarça adamyň ýogalmagy bilen netijelenen partlama sebäpli Liwanyň Prezidenti Mişel Awn bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde partlaýjy maddalaryň ýerleşýän ammarlaryň birinde bolan partlamada ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa diledi. 

Erdogan Mişel Awna, saglygy goraýyş başda bolmak bilen zerur bolan ähli ugurlar boýunça goldaw bermäge taýardyklaryny habar berdi. 

Türkiýäniň Beýik Mejlisiniň başlygy (TBMM) Mustafa Şentop, Beýrutdaky partlama zerarly Liwanyň halkyna gynanç bildirdi. 

Mustafa Şentop, Twitter hasabyndan beren gynanç ýüzlenmesinde: "Beýrutda başdan geçirilen partlamanyň näme sebäpli bolandygy barada gutarnykly netijesi bolmasada, gynansagam köp sanda ýogalan we ýaralanan adam bar. Ýaralanan 2 raýatymyza we Liwanyň halkyna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin. Türkiýe dünýäniň ençeme ýurduna kömek edişi ýaly, Liwanyň halkyna hem goldaw bermäge taýar" diýip belledi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, partlama bilen baglanşykly: "Liwanyň halkynyň gam-gussasyny paýlaşýarys. Türkiýe hökmünde hemişe goldaw bermäge taýardyrys" diýip nygtady. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Beýrutda bolan partlama bilen baglanşykly özüniň Twitter hasabyndan türk, arap we iňlis dillerinde: "Beýrudyň portynda bolan partlamada ýogalan adamlara Alladan rehnet, dost we doganlyk Liwanyň halkyna gynanç bildirýäris. Iň uly aladamyz adam ýitgisiniň artmazlygy. Liwanly doganlarymyza her dürli goldaw bermäge taýardyrys" diýip belledi.


Etiketkalar: #port , #partlama , #Beýrut , #Liwan

Degişli Habarlar