Erdogan daşary ýurtly kärdeşlerini baýramlary bilen gutlamagy we gutlaglary kabul etmäge dowam edýär

Kommunikasiýalar edarasy Prezident Erdoganyň geçiren telefon söhbetdeşlikleri barada beýanat berdi

1466241
Erdogan daşary ýurtly kärdeşlerini baýramlary bilen gutlamagy we gutlaglary kabul etmäge dowam edýär

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň başlygy Şefik Jaferowiç we Kosowanyň Prezidenti Haşim Taçi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, liderleriň biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutlan telefon söhbetdeşliklerinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi we sebitleýin meselelerde hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi babatynda tutanýerlidiklerini bellediler. 

Erdogan baýramyň ilkinji 3 gününde aralarynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani we Gazagystan Respublikasynyň esaslandyryjy lider Nursoltan Nazarbaýew bilen birlikde 21 aýry lider bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Liderleriň biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutlan telefon söhbetdeşliklerinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi we sebitleýin meselelerde hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi babatynda tutanýerlidiklerini bellediler. 

Prezident Erdogan mundan başgada baýram günlerinde Omanyň Soltany Heýsem bin Taryk, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbun, Tunisiň Prezidenti Kaýs Said, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Yragyň Prezidenti Berhem Salih, Bosniýa-Gersegowinanyň Halklar mejlisiniň başlygynyň orunbasary Bakir Izetbegowiç, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Ymamali Rahmon, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Pakistanyň Premýer ministri Imran Han, Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi, Tunisiň Mejlisiniň başlygy Raşid al-Gannuşi, Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo, Owganystanyň Perzidenti Aşraf Gani dagy liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, olary Gurban baýramlary bilen gutlady we baýram gutlaglaryny kabul etdi. 



Degişli Habarlar