TBMM-nyň başlygy Şentop Tunisli kärdeşi Gannuşi bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop Tunisiň Mejlisiniň başlygy Raşid al-Gannuşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1465876
TBMM-nyň başlygy Şentop Tunisli kärdeşi Gannuşi bilen söhbetdeş boldy

TBMM tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä telefon söhbetdeşliginde, Mustafa Şentop, Gurban baýramynyň iki ýurda we Yslam dünýäsi üçin düşümli bolmagyny Alladan diläp, Gannuşini baýramy bilen gutlady. 

Mustafa Şentop, Tunisde başdan geçirilen soňky syýasy hadysalary ýakyndan gözegçilik edýändigini, goňşy Liwiýada başdan geçirilýän hadysalara ser salynanda Tunisiň syýasy durnuklylygynyň örän möhümdigini belledi. 

Mustafa Şentop, Gannuşiniň oppozisiýanyň islegine laýyklykda geçirilen saýlawda üstün çykmagyndan bagtyýardygyny nygtady. 

TBMM-nyň mejlisiniň başlygy, telefon söhbetdeşliginde Türkiýänyň dost we doganlyk Tunisiň halkynyň ýanyndadygyny beýan etdi. 

Tunisiň Mejlisiniň başlygy Raşid al-Gannuşi bolsa öz gezeginde, telefon söhbetdeşligini geçirmeginden hoşaldygyny belläp, doganlyk Türkiýe bilen gatnaşyklaryň örän güýçli bolmagyna ähmiýet berýändiklerini habar berdi. 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, şeýle hem Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy Maulen Asimbaýew, Jibutiniň Mejlisiniň başlygy Mohamed Ali Houmed we Alžiriň Mejlisiniň başlygy Süleýman Şenin bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 



Degişli Habarlar