"Aýasofýanyň ybadata açylmagy baýram şatlygymyzy has hem artdyrdy"

Prezidenti Erdogan: "Aýasofýanyň 24-nji iýulda ybadata açylmagy baýram şatlygymyzy has hem artdyrdy" diýip belledi

1465554
"Aýasofýanyň ybadata açylmagy baýram şatlygymyzy has hem artdyrdy"

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Aýasofýanyň 24-nji iýulda ybadata açylmagynyň baýram şatlygyny has hem artdyrandygyny habar berdi. 

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň agzalaryny wideoşekilli göni argatnaşyk arkaly baýramlaryny gutlady. 

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde, ýurduna we millete peýdasy bolmadyk jedeller duzagyna düşmejekdigini belledi. 

Erdogan: "Beýik kongresimizi täze güýç, täze bir direliş, täze bir beýgeliş bilen milada öwürmek isleýäris" diýip nygtady. 

Aýasofýa Kebir metjidiniň ybadata açylmagynyň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Milletimiziň ýüregindäki 86 ýyllyk ýara bolan Aýasofýanyň 24-nji iýulda ybadata açylmagy baýram şatlygymyzy has hem artdyrdy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar