Prezident Erdogan esgerleri Gurban baýramlary bilen gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Şyrnak welaýatynyň Judi dagynda ýerleşýän Nuh Pygamber serhet birikmesinde gulluk edýän esgerleri Gurban baýramlary bilen gutlady

1465026
Prezident Erdogan esgerleri Gurban baýramlary bilen gutlady

Düýn Güneýçam Žandarma serkerdeliginde galan Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, şu gün irden serkerdelikdäki esgerleri baýramlary bilen gutlady.

Süleýman Soýlu, radio aragatnaşyk enjamynyň üsti bilen sebitde gulluk edýän esgerleri gutlady.

Süleýman Soýlu, ondan soň bolsa Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy we ony baýramy bilen gutlady.

Ministr Süleýman Soýlunyň telefonyndan esgerlere ýüzlenen Erdogan, türk esgerleri Gurban baýramlary bilen gutlap: “Alla jebislik, durnuklylyk içinde gowuşmagy bize nesip etsin. Siz bilen birlikde bolan ähli harbylara, ähli howpsuzlyk güýçlerine ýaňadandan minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Alla ýaryňyz we ýardamjyňyz bolsun” diýip belledi.



Degişli Habarlar