Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 214 müň 535 adama ýetdi

1465256
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 17 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 691 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 46 müň 492 adam testden geçirilip, ýene-de 982 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 996 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 214 müň 535 adama ýetdi.



Degişli Habarlar