Hulusi Akar we beýleki serkerdeler serhet zolagynda gözegçilik işlerini geçirdiler

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzümindäki beýleki serkerdeler Gresiýa we Bolgariýa serhetlerindäki serhet birikmelerinde gözegçilik işlerini geçirdiler

1465057
Hulusi Akar we beýleki serkerdeler serhet zolagynda gözegçilik işlerini geçirdiler

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzümindäki beýleki serkerdeler ýurdyň Gresiýa we Bolgariýa serhetlerindäki serhet birikmelerinde gözegçilik işlerini geçirmek üçin Edirne welaýatyna bardylar. 

Hulusi Akar we serkerdeler Gresiýa we Bolgariýa serhedindäki birikmelerde gözegçilik işlerini geçirdiler. 

Akar we serkerdeler baýram namazyny bolsa Selimiýe metjidinde okadylar.

Hulusi Akar baýram namazyndan soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çäginde ähli goňşularymyz bilen hem Gresiýa hem-de Bolgariýa bilen hyzmatdaşlyklarymyz dowam edýär. Şol sebäpli bu ýerdäki işlerimiziň gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çäginde dowam etmeginiň tarapdarydyrys. Şonuň üçin näme etmeli bolsa edýäris. Şol sebäpli gepleşeklerimiz dowam edýär” diýip belledi.

Akar: “Öňümizdäki günlerde Ankarada grek goňşularymyz bilen maslahat geçirmäge garaşýarys. Şu we şuňa meňzeş maslahatlar bilen meseleleri çözmäge synanyşýarys. Işlerimiz şol ugurda dowam edýär” diýip nygtady.



Degişli Habarlar