Hulusi Akar Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Hulusi Akar, milletleriň milli we ruhy gymmatlyklaryna eýe çykdygy saýyn, barlygyny dowam etdirip, ynamly ädimler bilen öňe tarap ýörejekdigini belledi

1464658
Hulusi Akar Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gurban baýramy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde: "Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri FETÖ, PKK/ÝPG we DAIŞ başda bolmak bilen, ýurdyň hem öz içinde hem-de daşary ýurtlarda ýurdumyza we milletimize garşy her dürli hemlelere we howplara garşy Ölsem şehit bolaryn, diri galsam gazy düşünjesi bilen erjellik we tutanýerlilik bilen göreşini dowam etdirýär. Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda, Kipr bilen birlikde mawy watanymyzda, ýurdumyzyň hukugyny we bähbitlerini goramak üçin alyp barýan göreşi, aziz milletimiziň söýgüsi, ynamy we dogasyndan alýan ylhamy bilen dowam eder. Şol mynasybetli, Gazy Mustafa Kemal Atatürk we egindeşlerini, eziz şehitlerimizi, aradan çykan gahryman gazylarymyzy we Milli Goranmak ministrliginiň harby we raýat ähli agzalaryny ýene-de bir gezek uly hormat bilen ýatlap geçýäris, olary uly hormat bilen hatyralaýarys we minnetdarlyk bildirýäris" diýdi. 

Hulusi Akar: "Mukaddes watan topraklarymyzyň, mawy watanymyzyň, howa giňişliklerimiziň we 83 million raýatymyzyň howpsuzlygy üçin uly pikdakärlik we gahrymançylyk bilen iş alyp barýan ähli harby we raýat işgärlerimiziň Gurban baýramyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar