Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Mugla we Çanakkale etraplarynyň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 74 bosgun halas edildi

1464481
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Mugla welaýatynyň Marmaris etrabynyň Kadyrga Burnu diýilen ýeriň suw giňişliginde, Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlaryň kömek soramagyndan soň, şol ýere Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gönükdirildi. 

Halas edilen 18 bosgun Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyga alynyp kenara çykaryldy. 

Degirmen Burnu diýilen ýeriň suw giňişligindede Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen çiýşirilen gaýykdaky 43 bosgun, halas edilip kenara çykaryyldy. 

Bosgunlar, deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 

Çanakkale welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginde hem Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 13 bosgun halas edildi. 

Bosgunlar, Küçükkuýu etrapçasyndaky Kenarýaka howpsyzlyk gullugyna degişli merkeze alynyp gidildi. 



Degişli Habarlar