Mewlüt Çawuşoglu, Wenesuelanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

"Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýa garşy göreşde beren lukmançylyk enjamlary kömegi üçin sagbolsun aýdýarys”

1463585
Mewlüt Çawuşoglu, Wenesuelanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Wenesuelanyň Daşary işler ministri Arreaza bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Wenesuelanyň Daşary işler ministri Horhe Arreaza Twitterden beren habarnamasynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Arreaza “Çawuşoglu bilen özara gatnaşyklar we bilelikde durmuşa geçirýän taslamalarymyz hakynda piki alyşdyk. Täze görnüş koronawirus epidemiýa garşy göreşde beren lukmançylyk enjamlary kömegi üçin sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Wenesuela beren 15 tonnadan gowrak lukmançylyk enjamy 18-nji iýulda paýtagt Karakasa barypdy.



Degişli Habarlar