“Arman ýadaman zähmet çeken daýhanlarymyzyň Hasyl baýramy gutly bolsun”

Prezident R. T. Erdogan, daýhanlary Hasyl baýramy bilen gutlady

1462250
“Arman ýadaman zähmet çeken daýhanlarymyzyň Hasyl baýramy gutly bolsun”

 

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Prezident Erdogan “Ýurdumyzyň galkynyşy, ykdysadyýetimiziň ösüşi, önümiň bereketli bolmagy üçin arman ýadaman zähmet çeken daýhanlarymyzyň Hasyl baýramy gutly bolsun” diýdi.

Prezident Erdogan gutlagynda “Hasyl, daýhanlarymyzyň 1 ýyllyk zähmediň, alyn deriniň we sabrynyň baýramydyr. Siz şu gün diňe ekin ýerleriňizdäki önümiň  hasylyny däl, eýsem şol bir wagtda uly sabyrlylyk bilen geçen 1 ýyllyk zähmediňiziň hem netijesini alýarsyňyz. Siz şu gün Beýik Biribaryň adamogluna peýdalanmagy üçin  hödürlän topragyň, güneşin, suwyň bereketine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýärsiňiz. İnha şeýle bereketli günde Türkiýäniň çar tarapyndaky daýhanlarymyzyň Hasyl baýramyny tüýs ýürekden gutlaýaryn”.



Degişli Habarlar