Aýasofýa metjidi şu gün 86 ýyl soň ýaňadandan ybadata açylýar

koronawirus epidemiýasy sebäpli metjidiň gapylarynda raýatlara maska we namazlyk berilýär, olaryň gyzgyny barlanýar

1461024
Aýasofýa metjidi şu gün 86 ýyl soň ýaňadandan ybadata açylýar
ayasoya

 

Aýasofýa metjidi şu gün okaljak Juma namazy bilen 86 ýyl soň ýaňadandan ybadata açylýar

Aýasofýa-i Kebir metjidinde ilkinji namazy okamak isleýän raýatlar, ertiriň irki sagatlaryndan başlap nobata durdy.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli metjidiň gapylarynda raýatlara maska we namazlyk berilýär, olaryň gyzgyny barlanýar.

Prezident R. T. Erdogan bilen Milletçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeliniň metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda metjide ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar gelmäge başlady.

Metjidiň daş-töwereginde berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.


Etiketkalar: #açylyş , #ybadat , #Aýasofýa

Degişli Habarlar