Altun Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Fahrettin Altun: "Bu geografiýada Türkiýä garamazdan alyp boljak hiç hili peýda ýokdyr" diýip belledi

1460310
Altun Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twitterden beren beýanatynda, düýn geçirilen Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda, Liwiýadan Siriýa, Yrakdan Azerbaýjana we Ortaýer deňizine çenli sebiti gyzyklandyrýan ähli meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylandygyny, milli barlyk üçin howpsuzlyk bilen bagly syýasatlaryndaky egilşiksiz pozisiýanyň ýene-de bir gezek orta goýulandygyny mälim etdi. 

Türkiýe Respublikasy Döwletiniň howpsuzlygynyň diňe öz serhetleri bilen çäklenmeýändigini aýdan Altun, Balkanlardan Orta Aziýa, Pars Aýlagyndan Gibraltara çenli has uzak geografiýalardan başlap ähli köňül geografiýasyny durnuklylygyň diýaryna öwürmekde örän tutanýerlidigini belledi. 

Fahrettin Altun, Türkiýäniň dünýäniň tapawutly geografiýalarynda milletleriň özygtyýarlylyk hukuklaryna garşy döredilen hyzmatdaşlyklardan habardardygyny we bu zulum düzgünini bes etdirjek tutanýerli ädimleri etmekden çekinmejekdigini belläp: "Eýýäm ençeme ýyl bäri tutanýerli ýagdaýda dowam etdirýän adamzat gymmatlyklary öň hatarda bolan howpsyzlyk we daşary saýasatymyzyň netijesi nähili bolsa bolsun dowam eder, ir ýa-da giýç ähli taraplar Türkiýäniň çyzan ýoluna ugrugarlar. Türkiýäniň iň uly güýji hakyň we hakykatyň tarapdary bolmakdyr. Her kim şu hakykaty gowy bilmelidir: Türkiýe Azerbaýjanda doganlarynyň ýanynda bolup her dürli çäksiz hüjümleri yzyna serpikdirmekden çekinmez. Kiprde adanyň asudalygyny we durnuklylygyny bozmaga synanyşyp edilýän hereketleri boşa çykarar" diýip nygtady. 

Fahrettin Altun Türkiýe Respublikasynyň PKK/PÝD we DAIŞ terror guramalaryny derbi-dagyn edişi ýaly, Liwiýada kanuny hökümete garşy emele gelen bikanun güýçleri hem ýer bilen ýegsan etjek güýje we ygtyýara eýedigini belledi. 



Degişli Habarlar