Prezident Erdogan “Aýasofýa… Gupbaňda Azatlygyň Şemaly Össün"

Aýasofýa metjidi 24-nji iýulda ybadata açylýar

1459963
Prezident Erdogan “Aýasofýa… Gupbaňda Azatlygyň Şemaly Össün"

Aýasofýa metjidi 24-nji iýulda ybadata açylýar

Metjitde ilkinji namazyň okalmagy üçin taýarlyklaryň dowam edýän günlerinde Prezident Erdogan Twitterden beren habarnamasynda sözü we sazy Ýüjel Arzen tarapyndan ýazylan Aýasofýa aýdymynyň klibine ýer berdi.

Klipte aýdymy dürli ýurtlaryň sungat ussatlary ýerine ýetirýär.

Gyrgyz, boşnýak, alban, azerbaýjan, kürt, swahili, arap dillerinde we Ýüjel Arzen tarapyndan türk dilinde ýerine ýetirlen klip ünsleri özüne çekdi.

Prezident Erdogan habarnamasynda “Aýasofýa… Gupbaňda azatlygyň şemaly össün. Sen biziňki, biz hem seňki” diýdi.

Döwlet geňeşi 10-njy iýulda kabul eden karary bilen, Aýasofýanyň metjitden müzeýe öwrülmegi hakynda 1934-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Minisrtler kabinetiniň kabul eden kararyny bes edipdi.

Şeýlelikde Aýasofýanyň metjit hökmünde ybadata açylmagynyň öňünde hiç hili bökdençilik galmady.



Degişli Habarlar