Yragyň demirgazygynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi

1458692
Yragyň demirgazygynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-a agza 3 terrorçynyň howa hüjümleri bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Beýanatda: "Terror guramasy PKK-a garşy operasiýalarymyz tutanýerli ýagdaýda dowam edýär" diýip habar berildi. 

 

Beýleki tarapdan Siriýada Ýewfrat galkany sebitinde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýalar dowam edýär.

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Ýewfrat Galkany sebitinde asudalyk we howsuzlyk gurşawyny bozmak üçin işler geçirýändigi anyklanan DAIŞ-e agza 2 terrorçy geçirilen operasiýa bilen göz tussaglygyna alyndy" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar