Kataryň Goranmak ministri Ankarada saparda bolýar

Ministr Akar, myhman kärdeşini Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady

1458701
Kataryň Goranmak ministri Ankarada saparda bolýar

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ankarada saparda bolýan Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al Atiýýe bilen duşuşdy.

Ministr Akar, myhman kärdeşini Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi. Duşuşykda sebitara meseleler bilen birlikde iki ýurduň arasynda goranyş we howpsyzlyk taýdan edilýän hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Akar duşuşykda, Katar bilen birnäçe ugurda strategik hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini nygtady.

Akar “Liwiýanyň legal hökümetine berýän goldawy we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallalary sebäpli Katara sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Ady agzalýan saparyň, Milli Goranmak Hulusi Akaryň hepdäniň ahyrynda Katara guran saparynyň dowamy aýratynlygyna eýedigi we ýokary özara gatnaşyklara eýe bolan Türkiýe bilen Kataryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny has giňişleýin ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik dörendigi nygtaldy.

Akar hepdäňiň ahyrynda Katara guran resmi saparynyň çäginde Emir Şyh Temim Bin Hamad Al Sani tarapyndan kabul edilipdi.



Degişli Habarlar