Türkiýä göçüp gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sany artýar

Türkiýäniň Hasabat guramasy 2019-njy ýyl bilen bagly Halkara Migrasiýa görkezijilerini çap etdi

1456883
Türkiýä göçüp gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sany artýar

Türkiýä göçüp gelen daşary ýurtlylaryň sany 2019-njy ýylda 2018-nji ýyla garanyňda 17,2 göterim artyp, 677 müň 42 adam hökmünde bellige alyndy

Türkiýäniň Hasabat guramasy 2019-njy ýyl bilen bagly Halkara Migrasiýa görkezijilerini çap etdi.  

Şoňa laýyklykda Türkiýä göçüp gelen daşary ýurtlylaryň sany 2019-njy ýylda 2018-nji ýyla garanyňda 17,2 göterim artyp, 677 müň 42 adam hökmünde bellige alyndy. Şolaryň 54,4 göterimi erkeklerden, 45,6 göterimi bolsa zenanlardan ybarat. 

Türkiýä daşary ýurtlardan göçüp gelenleriň 98 müň 554-i Türkiýe Respublikasynyň, 578 müň 488-i bolsa daşary ýurt raýatlaryndan ybarat. 

Türkiýä 2019-njy ýylda göçüp gelenleriň welaýatlara görä paýlanşygyna ser salynanda 45,3 göterim bilen iň köp göç alan welaýat Stambul boldy. Stambuldan soň 9,2 göterim bilen Ankara, 6,5 göterim bilen Antalýa, 3,5 göterim bilen Bursa we 2,2 göterim bilen Izmir gelýär. 

Geçen ýyl Türkiýä göçüp gelen daşary ýurt raýatlaryň sanawynda ilkinji oruny 14,5 göterim bilen Yragyň raýatlary eýeledi. Yrakdan soň 13,8 göterim bilen Türkmenistanyň, 8,2 göterim bilen Owganystanyň, 7,5 göterim bilen Siriýanyň we 7,3 göterim bilen Eýranyň raýatlary gelýär. 


Etiketkalar: #Migrasiýa , #göç , #Türkiýe

Degişli Habarlar