“Halk şol gije ölmekden gorkman köçä çykdy”

Kalyn, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýäniň alyp baran syýasatlary barada maglumat berdi

1455281
“Halk şol gije ölmekden gorkman köçä çykdy”

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň üstünden 4 ýylyň geçendigine garamazdan NATO agza käbir ýurtlaryň, Ýewropadaky käbir uly ýurtlaryň we ABŞ-nyň başdan geçirlenlere doly göz ýetirip bilmeýändigini aýtdy.

Kalyn, TRT World Forum tarapyndan geçirlen “Digital jedelleşikler” gepleşiginde 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýäniň alyp baran içeri we daşary syýasatlary barada maglumat berdi.

Türk halkynyň, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda demokratiýany, azatlygyny, erkinligini, hukugy we saýlanan hökümetini goramak üçin göreşendigine ünsi çeken Kalyn, “Halk şol gije ölmekden gorkman köçä çykdy” diýdi.

Halkyň demokratiýany we parlamentini goramak üçin görkezen gahrymançylygy sebäpli 15-nji iýulyň, Türkiýäniň syýasy taryhyndaky öwrülşik nokatlaryndan biridigini nygtan Kalyn, “Her bir adam demokratiýany goramak üçin köçä çykdy. 2016-njy ýylyň 15-nji iýuly gijesi halkyň agdarlyşyk synanşygyna görkezen garşylygy diýseň möhüm sosýalogik öwrülşikdir” diýdi.

Kalyn, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda, türk halkynyň, howpyň nireden gelýändigine garamazdan hiç kimiň erkinligini we ýurduny elinden alyp bilmejekdigine görkezendigini aýtdy.

Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy meselesindäki tutumy hakyndaky soraga jogap beren Kalyn, “Birnäçe ýurduň, günbataryň we dünýäniň käbir ýurtlarynyň görkezen garşylygy arzuw hyýallary puja çykardy. Käbir ýurtlar “garaş we gör” çemeleşmesi bilen birnäçe sagatlap, hatda birnäçe günläp netijä garaşdy. Bu ýagdaý ynsanlarda “kimiň üstünlik gazanjakdygyna garaşdylar” diýlen soragy emele getirdi. Hudaý saklasyn, agdarlyşyk synanşygy maksadyna ýeten bolsady, belki huntaçylar bilen hem işleşerdiler” diýdi.

Kalyn, şeýle hüjüme garşy tebigy ýagdaýda dost we hyzmatdaş ýurtlaryň, demokratiýanyň, legal ulgamyň we hukugyň goralmagy üçin alnyp barylýan göreşe diňe sözler bilen däl eýsem netijeleri işler bilen goldaw berilmegine garaşylýandygyny emma 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda käbir ýurtlaryň Türkiýä goldaw bermändigini ýatlatdy.

Käbir ýurtlaryň, agdarlyşyk synanşygynyň netijesiz bolmagyndan soň daşary ýurda gaçan FETÖ-niň agzalarynyň ýurtlaryna ýaşamagyna rugsat berendigine ünsi çeken Kalyn, “Şol ýurtlar mysal üçin Al Kaida agza terrorçylary, DAIŞ-e agza terrorçylary kabul etmezdi. Emma gynansakda FETÖ-niň agzalaryny kabul etdiler” diýip belledi.

Türkiýäniň PKK, DAIŞ we Al Kaida ýaly terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşine FETÖ garşy göreşiň hem goşulandygyny gürrüň beren Kalyn, Türkiýäniň NATO-dan we NATO agza ýurtlardan, şol terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşine goldaw bermegine garaşýandygyny nygtady.

Türkiýäniň, FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň, ABŞ-dan Türkiýä yzyna berilmegi üçin eden ýüz tutmasy hakyndaky soraga jogap beren Kalyn, Türkiýäniň, FETÖ hakyndaky delilnamalary ABŞ-na hödürländigini, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama döwründen bäri mesele bilen hakyndan gyzyklanýandyklaryny ýatlatdy.

Kalyn bu ýagdaýyň we terror guramasynyň Türkiýä garşy alyp barýan işleriniň özara gatnaşyklara hem täsirini ýetirýändigini belledi.



Degişli Habarlar