“Jan Azerbaýjana janymyz gurban”

Mewlüt Çawuşoglu, ermeni ýaragly güýçleriniň Towuz etrabyna guran hüjümine garşy Azerbaýjana goldaw berdi

1454492
“Jan Azerbaýjana janymyz gurban”

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ermeni ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanyň Towuz etrabyna guran hüjümine garşy Azerbaýjana goldaw berdi.

Çawuşoglu Twitterden beren beýanatynda “Jan Azerbaýjana janymyz gurban”diýdi.

Ermenistanyň ýaragly güýçleri öňňin serhetýakasynda ýerleşýän Towuz etrabyna hüjüm edipdi. Azerbaýjanyň hüjüme gaýtawul bermeginden soň ýitgi çeken ermeni güýçleri yza çekilipdi.

Çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly gýçlerinden 4 esger şehit bolupdy, 4 esger hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar