Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

“Penje-Gaplaň” operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýär

1453211
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Türk ýaraglyýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda guralan howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, “Penje-Gaplaň” operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Penje-Gaplaň” operasiýasynyň çäginde Haftanin etrabynda ýerleri anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK-a garşy howa hüjümi guraldy. Howa hüjüminde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.

Beýleki tarapdan İçerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Erzurumyň Şenkaýa etrabynda 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçynyň çal sanawda gözlenýändigi anyklanyldy.



Degişli Habarlar