"Srebrenisa genosidi asla ýatdan çykarylmaz"

Prezident Erdogan, genosidiň 25inji ýylynda geçirlen hatyralama çäresine wideo ýüzlenme bilen gatnaşdy

1453273
"Srebrenisa genosidi asla ýatdan çykarylmaz"

 

Prezident R. T. Erdogan, Bosniýa-Gersegowinanyň gündogarynda ýerleşýän Srebrenisada çärýek asyr mundan öň 1995-nji ýylyň iýul aýynda başdan geçirlen genosidiň asla ýatdan çykarylmajakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, genosidiň 25inji ýylynda geçirlen hatyralama çäresine wideo ýüzlenme bilen gatnaşdy.

Taryhyň gynandyryjy we utandyryjy sahypalaryndan biri bolan Srebrenisa genosidiniň çärýek asyr mundan öň başdan geçirlendigine garamazdan asla ýatda çykarylmajakdygyny nygtan Erdogan, tapylýan täze köpçülikleýin mazarlar bilen ýüreklerin ýaňadandan daglanýandygyny belledi.

Garaşsyz Bosniýa-Gersegowinanyň ilkinji prezdenti merhum Aliýa Izzetbegowiçiň “genosidi asla ýatdan çykarman, ýatdan çykarlan genosit gaýtalanar” diýen sözlerini ýatladan Erdogan “Ne şehitlerimizi ýatdan çykarasys ne-de Srebrenisa genosidini ýatdan çykardarys. Bosniýaly doganlarymyza garşy edilen jenaýat we gyrgynçylyk bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis we olary ýalnyz goýmarys” diýdi.

Prezident Erdogan şuňa meňzeş gyrgynçylyklaryň indi gaýtalanmazlygy üçin halkara derejesinde tagalla etmäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar